Eýranyň, Britaniýanyň we Germaniýa Bilen Fransiýanyň Ýokary Derejeli Diplomatlary Duşuşyk Geçirdiler

Bu barasynda Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary we gepleşikleri alyp baryjy Ali Bakyri beýannama berdi.

1963994
Eýranyň, Britaniýanyň we Germaniýa Bilen Fransiýanyň Ýokary Derejeli Diplomatlary Duşuşyk Geçirdiler

Bakyri E3 atlandyrylýan we ýadro ylalaşygynyň ýewropaly taraplary Britaniýadan, Fransiýadan we Germaiýadan ýokary derejeli diplomatlar bilen Osloda duşuşandyklaryny beýan etdi.

Ali Bakyri Twittrer hasabyndan beren habarnamasynda; “E3 ýurtlarynyň Syýasy direktorlary bilen Osloda duşuşdyk. Özara bähbitleri we aladalary gyzyklandyrýan käbir meseleleri giňişleýin seljerdik” diýdi.

Eýranyň “garaýyşlaryny kesgitlemek we käbir ýalňyş hasabatlar boýunça duýduryş bermek üçin ähli şertlerden peýdalanjakdygyny” beýan eden Bakyri; “Biz diplomatiýa bilen bilelikde milli bähbitlerimizi goramakda ygrarly” diýdi.

Bakyri duşuşygyň Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dünüşmezlikler sebäpli geçen ýylyň sentýabr aýynda bes edilen ýadro gepleşikler bilen bagly bolup bolmandygy hakynda maglumat bermedi.

 



Degişli Habarlar