Ýaponiýanyň Premýer-ministri Hindistana Bardy

Fumio Kişidanyň iki günlük saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

1962231
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Hindistana Bardy

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida resmi sapar bilen Hindistana bardy.

Fumio Kişidanyň iki günlük saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Kişida saparynyň çäginde, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşar.

 Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi saparynyň öňüsyrasynda beren habarnamasynda, iki ýurduň halkara kynçylyklaryň hötdesinden gelmek we Hindistan-Ýaponiýa özboluşly strategik global hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesiniň saparynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belledi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida başga bir habarnamasynda bolsa Hindistanyň Premýer-ministri Modini Hiroşimada geçiriljek G-7-niň liderler maslahatyna çagyrandygyny mälim etdi.

Iki lider saparyň çäginde şeýle hem Ýaponiýanyň G-7-niň we Hindistanyň hem G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe ediljek hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşar.



Degişli Habarlar