“Ukraina Harby Taýdan Goldaw Bermäge Dowam Ederis”

Olaf Şols, ýurdunyň Ukraina harby taýdan berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

1959450
“Ukraina Harby Taýdan Goldaw Bermäge Dowam Ederis”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýa bilen teklip edilen parahatçylyk gepleşiklerine şübheli garaýandygyny nygtap, ýurdunyň Ukraina harby taýdan berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şols, Butanyň Premýer-ministri Lotaý Sering bilen paýtagt Berlinde bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýannamasynda, Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy başladan hüjümleriniň dowam edýändigine ünsi çekdi.

Şols “Russiýa täze harby toparlar taýarlaýar we olary front liniýasyna ugradýar. Bu şertlerde parahatçylyk gepleşiklerinden gürrüň etmek mümkin däl” diýdi.

Şols “Ukraina harby taýdan goldaw bermäge dowam ederis. Biz ýagdaýyň üýtgetmegini we Ukraina üçin adalatly parahatçylygyň ýola goýulmagyny maksat edinýäris” diýdi.

Şols, Ukrainanyň parahatçylyga taýardygyny, emma Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň ýarag bilen parahatçylygy ýola goýup bilmejekdigini ýatlatdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar