Italiýanyň Hökümeti Wagneri Günäkärledi

Italiýanyň hökümeti rus hakynatutma harby topary “Wagneriň” Ortaýer denizinden geçmäge synanşýan immigrantlara goldaw berýändigini öňe sürdi.

1959472
Italiýanyň Hökümeti Wagneri Günäkärledi

Italiýanyň höklümeti “Wagner” toparynyň şol operasiýalary resmi Moskwanyň Ukrainany goldaýan ýurtlara gaýtawyl görkezme meýilnamasynyň çäginde guraýandygyny öňe sürdi.

Italiýanyň Goranmak ministriGuido Krosetto beren beýannamasynda, onuň “gibrit söweş strategiýasydygyn” ünsi çekdi.

“Wagneriň” ýolbaşçysy Ýewgeny Prizgozin bolsa Telegram ýaýlymyndan beren beýanatynda “İmmigrant meselesi hakynda hiç hili pikirimiz ýok, onuň bilen gyzyklanmaýarys” diýdi.

Italiýanyň İçeri işler ministrliginiň görkezijilerine görä şu ýyl 20 müňe çenli baryp ýeten immigrant sany, geçen ýylyň degişli döwründe 6,100-e barabardy. Ol hem ýurtdaky sagçy hömümet üçin basyş emele getirýär.

 



Degişli Habarlar