BMG Kahramanmaraş Ýer Titremesinden Soň Iň Uly Halkara Gözleg-Halas Ediş Operasiýasyny Gurady

BMG-niň 6-njy fewralda merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň geçiren işleri, guramanyň utgaşdyran iň uly halkara gözleg-halas ediş operasiýasy boldy.

1959005
BMG Kahramanmaraş Ýer Titremesinden Soň Iň Uly Halkara Gözleg-Halas Ediş Operasiýasyny Gurady

BMG-niň Ynsanperwer kömekleri utgaşdyryş ofsiniň Ženewadaky wekili we Utgaşdyryş bölüminiň Direktory Rameş Raýasingam merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň BMG-niň utgaşdyrmagynda geçirilen gözleg-halas ediş operasiýalary hakynda metbugata beýannama berdi.

Raýasingam Türkiýedäki halas ediş işleri hakynda; “Bu BMG-niň utgaşdyran halkara derejesindäki iň uly gözleg-halas ediş operasiýasydy. Diňe bir BMG-niň Halkara gözleg-halas ediş geňeş toparyna we BMG-niň Tebigy betbagçylyklary seljeriş we utgaşyklyk mehanizmine degişli onlarça agza ýurtdan 49 topar iş alyp bardy” diýdi.

Raýasingam; “38 ýurtdan gelen gözleg-halas ediş toparlary 300 adamy halas etdi. Ol, halkara gözleg we halas ediş operasiýalarynda halas edilen iň ýokary san” diýdi.

Raýasingam Türkiýäniň ynsanperwer mesellerde öňe saýlanýan we agyr şertlere sezewar bolanlary goldaýan pozisiýasyny ýatladyp; “Meniň pikirimçe Türkiýä jomart çemeleşmegiň wagty geldi. Türkiýäniň halky betbagtçylyga uçrady, bu iňňän agyr tragediýa. Şol sebäpli ähli ýerinden donorlary Türkiýe üçin edilen ýardam çagyryşyna mümkin gadar jomart goşant goşmaga çagyrýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar