Putin we Paşinýan telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Rusiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen Garabagdaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy

1959053
Putin we Paşinýan telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin bilen Paşinýan telefon arkaly söhbetdeş boldular. 

Telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki howpsuzlyk bilen durnuklylygyň üpjün edilmegi, ykdysady we transport aragatnaşyklarynyň ýaňadandan ýola goýulmagy, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň taýarlanmagy ugrundaky ädimler bilen birlikde Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan liderleriniň 2020-nji we 2022-nji ýyllarda gazanan ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi ele alyndy. 

Garabagdaky ýagdaýyň ele alynan telefon söhbetdeşliginde Putin, ýüze çykan ähli meseleleriň konstruktiw häsýetde, taraplaryň Rus parahatçylyk güýçleri bilen ýakyn aragatnaşyk içinde çözülmeginiň gerekdigini belledi. 



Degişli Habarlar