Demirgazyk Koreýa Deňizasty Gämisinden 2 Raketa Atdy

Demirgazyk Koreýa, Seul-Waşington hyzmatdaşlygyna garşy durmaga dowam edýär.

1958742
Demirgazyk Koreýa Deňizasty Gämisinden 2 Raketa Atdy

Demirgazyk Koreýa, ABŞ bilen Günorta Koreýanyň sebitde geçirjek Azatlyk galkany türgenleşigine garşy deňizasty gämisinden 2 raketa atdy.

Günorta Koreýa bilen ABŞ soňky 5 ýylyň iň uly harby türgenleşigi hökmünde görkezilen Azatlyk galkany türgenleşigine şu gün başlaýar.

Demirgazyk Koreýa, Seul-Waşington hyzmatdaşlygyna garşy durmaga dowam edýär.

Demirgazyk Koreýa “8,24 Ýongung” atly deňiz asty gämisinden 2 raketa atdy.

Demirgazyk Koreýa raketalaryň 1500 kilometr alysda ýerleşýän Gündogar deňizinde ozal kesgitlenen ýeri üstünlikli ýagdaýda nyşana alandygyny mälim etdi.

Beýannamada rekatalaryň Koreýa Halk goşunynyň, ABŞ bilen Günorta Koreýanyň harby göçümlerini täsirsiz ýagdaýda getirmek ukubyny görkezýändigi nygtaldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar