Ýewropa Galkynyş Bankynyň Başlygynyň Orunbasary Türkiýede Saparda Bolar

Rigternigiň Türkiýä gurajak sapary 4 gün dowam eder

1958094
Ýewropa Galkynyş Bankynyň Başlygynyň Orunbasary Türkiýede Saparda Bolar

 

Ýewropa Galkynyş bankynyň başlygynyň orunbasary Ýurgen Rigternik 12-nji martda Türkiýä geler.

Bank tarapyndan berlen beýannamada, Rigternigiň Türkiýä gurajak saparynyň 4 gün dowam etjekdigi nygtaldy.

Rigternik saparynyň çäginde Stambul we Ankara şäherlerinde döwlet ýolbaşçylary we hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşar.

Ýewropa Galkynyş bankynyň başlygynyň orunbasary Ýurgen Rigternik saparynyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda “Türkiýe, Ýewropa Galkynyş banky üçin esasy ýurt. 2 ýylda Türkiýäniň günorta gündogar sebitine 1,5 milliard ýewrolyk maýa goýmagy meýilleşdirýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar