Çilide Talyplar Bilen Howpsuzlyk Güýçleriniň Arasynda Çaknyşyk Boldy

Günorta Amerika ýurtlaryndan Çilide bilim pudagyndaky şertleri protest eden ýüzlerje talyp, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

1957615
Çilide Talyplar Bilen Howpsuzlyk Güýçleriniň Arasynda Çaknyşyk Boldy

Paýtagt Santiagonyň merkezinde ýöriş guran talyplar topary “Moçilazo” atly aksiýa geçirdi.

Köçede barrikada goýan we partlaýyjy maddalary zyňan talyplara polis göz ýaşardyjy gaz we basynçly suw bilen çäre gördi.

Demonstrantlar “Ýok bolsun bilim söwdagärligi” we “dersden soň göreşe dowam” şygarlaryny göterdiler.

Çiliniň hökümeti gyssagly zerurlyklaryň gidirilmegi üçin ýylyň ahyryna çenli 306 million dollara barabar bilime goşant meýilnamasyny düzjekdigini beýan edipdi.

Çilide talyplar wagtal-wagtal bilim alma şertlerini protest edip, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklary başdan geçirýär.



Degişli Habarlar