Ukraina: "Demirgazyk Akymdaky sabotaž bilen hiç hili arabaglanşygymyz ýok" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow, Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamasyna garşy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda guralan sabotažlaryň hiç biriniň Ukraina bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny habar berdi

1957222
Ukraina: "Demirgazyk Akymdaky sabotaž bilen hiç hili arabaglanşygymyz ýok" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatynda, ABŞ-nyň we Germaniýanyň metbugat gulluklaryna berilen habarlardaky, Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamasyna garşy sabotažlaryň Ukrainanyň tarapdary bolan toparlar tarapyndan guralandygy baradaky öňe sürmeler barada maglumat berdi. 

Reznikow: "Meniň üçin bu biz bilen hiç hili arabaglanşygy bolmaýan geň bir hekaýa. Resmi derňew tapgyrynyň ähli jikme-jikleri ýüze çykarjakdygyny pikir edýärin. Bu biziň razwedka üçin öwgi ýaly, emma olar biziň aksiýalarymyz däl" diýip nygtady. 

New York Times gazedi rus gazyny Ýewropa daşaýan Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamasyna garşy geçen ýylyň sentýabr aýynda guralan sabotažlaryň Ukrainanyň tarapdary bolan bir toparyň jogapkärdigi barada razwedka maglumatynyň alynandygyny mälim edipdi. 

Germaniýanyň ARD we Zeit gazetleri hem öz habarlarynda Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamasyna garşy sabotažlaryň Ukrainanyň tarapdary bolan bir topar tarapyndan guralan bolup biljekdigini öňe sürüpdiler. 

Sabotaž bilen Russiýa bilen Germaniýany Baltika deňiziniň üstaşyr biri-biri bilen birleşdirýän Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamasyna uly zyýan ýetipdi. 



Degişli Habarlar