ABŞ Yraga Goldaw Bermäge Dowam Eder

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

1956365
ABŞ Yraga Goldaw Bermäge Dowam Eder

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Yrakda terror guramasy DAEŞ-e garşy alnyp barylýan göreş üçin resmi Bagdada goldaw bermäge dowam edýändiklerini aýtdy.

Garaşylmadyk ýagdaýda Yraga baran Ostin, paýtagt Bagdatda metbugata beýannama berdi.

DAEŞ-e garşy döredilen hyzmatdaş güýçleriniň Yragyň hökümeti bilen birlikde terror guramasyna garşy egilşiksiz göreş alyp barýandygyny aýdan Ostin, “DAEŞ-i dolulygyna ýok etmek isleýäris. ABŞ-nyň Yrakdaky güýçlerine garşy guralyp bilinjek haýsydyr bir hüjüm, DAEŞ-e garşy alnyp barylýan göreşi bökdäp biler” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Bagdada guran sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda, “ABŞ bilen Yragyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigimizi görkezmek üçin Bagdada geldim. Yragyň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýip belledi.

Yrak tarapyndan berlen beýannama görä, ABŞ-nyň Goranmak ministri Ostin Bagdatda Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as Sudani bilen duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Yragyň DAEŞ-e garşy alyp barýan göreşi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 



Degişli Habarlar