Eýran Gipersonik Ballistiki Raketa Öndürdi

Eýran hereket edýän deňiz ulaglaryny urmaga ukyply, sesiň tizliginden 8 esse ýokary tizlikli “gipersonik ballistiki raketa” öndürendigini habar berdi.

1955821
Eýran Gipersonik Ballistiki Raketa Öndürdi

Eýranyň ýarym resmi “Fars” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Eýranyň Baş ştabynyň Başlygy general Muhammed Bakyri Tähranda geçirilen çärede sözlän sözünde ýurdunyň hereket edýän deňiz ulaglaryny urmaga ukyply ballistiki raketa öndürendigini aýtdy.

Raketanyň synaglarynyň üstünlik bilen tamamlanandygyny we tapgyrlaýyn önümçilige başlanandygyny beýan eden Bakyri; Eýran şeýle raketalary öndürip, şeýle raketalara eýe üç ýurtdan biri boldy” diýdi.

Ballistiki raketanyň tizliginiň sesden 8 esse ýokary, aralygynyň bolsa 1500 kilometre barabardygyny beýan eden Bakyri, şeýle raketa eýe bolmagyň ýurduň deňiz giňişliklerinde müň kilometre barabar howpsuzlyk giňişligini döretjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar