ABŞ-da geçirilen konsertleriň birinde bolan dyknyşykda bir adam ýogaldy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen konsertde başdan geçirilen dyknyşykda 1 adam ýogaldy

1956147
ABŞ-da geçirilen konsertleriň birinde bolan dyknyşykda bir adam ýogaldy

Roçesterdäki şüweleň merkezinde düýn gije GloRilla we Finesse2tymes atly aýdymçylaryň çykyş eden konsertde bolan dyknyşykda 1 adam ýogaldy we şeýle hem 9 adam ýaralandy. 

Roçesteriň Polisiýa departamentiniň ýolbaşçysy Dewid Smit beren beýanatynda, dyknyşygyň näme sebäpli bolandygynyň entek anyklanmandygyny belläp: "Adamlaryň howsala düşmegine ýarag sesleriniň sebäp bolandygy barada habarlar bar" diýip mälim etdi. 

Polisiýa gullugynyň ýarag sesleriniň bolandygy baradaky öňe sürmeleri güýçlendirjek subutnamalar tapmandygyny aýdan Smit: "Wakanyň bolan ýerinde ýarag sesleriniň eşidilendigi, biriniň nyşana alynandygy ýa-da pyçaklanandygy barada hiç hili subutnamamyz ýok" diýip habar berdi. 

Binanyň içinde agyr ýagdaýda ýaralanan 3 zenany anyklandyklaryny aýdan Smit, şol zenanlaryň biriniň hassahanada ýogalandygyny aýan etdi. 

Smit beýleki 2 zenanyň hem saglyk ýagdaýlarynyň tankydydygyny we 7 adamyň hem janyna howp abandyrmaýan ýaralar sebäpli hassahana ýatyrylandygyny beýan etdi. 

Waka bilen baglanşykly başladylan derňew işi dowam edýär. 

Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde 2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçirilen Astroworld aýdym-saz festiwalynyň açylyş gijesinde Trewis Skottyň konsertinde bolan dyknyşykda bolsa 10 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar