Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar

Beýik Britaniýanyň Şasy III Karl we aýaly Kamilla ilkinji daşary ýurt saparyny 26-31-nji mart aralygynda Fransiýa we Germaniýa gurar

1954788
Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar

Şa maşgalasyndan brilen beýanatda, Şa Karlyň we aýalynyň 26-njy martda başlajak 6 günlük saparynyň çäginde, Berlin, Gamburg we Pariž şäherlerinde saparda boljakdygy habar berildi. 

Beýanatda ýurduň täze hökümdary bolan Şa Karl bilen aýaly Kamillanyň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşjakdygy mälim edildi. 

Saparyň çäginde Beýik Britaniýanyň Şasy III Karlyň Germaniýanyň Federal Mejlisinde çykyş etjekdigi bellenen beýanatda, Şanyň Fransiýada bolsa Ýeliseý köşgünde geçiriljek çärä gatnaşjakdygy aýan edildi. 

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta 8-nji sentýabrda tomus dynç alyş günlerini geçiren Şotlandiýanyň Aberdenşir sebitindäki Balmoral köşgünde ýogalypdy. 

Bukingem köşgi Şa zenany II Ýelizawetanyň ýogalmagyndan soň şol gün beren beýanatynda, Karlyň tagta geçip, Beýik Britaniýanyň Şasy bolandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar