ABŞ-da Aşa Gar Durmuş Şertlerini Agyrlaşdyrýar

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda dowam edýän gar tupanynyň durmuş şertlerine ýaramaz täsir ýetirmegi sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

1954169
ABŞ-da Aşa Gar Durmuş Şertlerini Agyrlaşdyrýar

Kaliforniýanyň Gubernatory Gawin Nýusom ştatyň esasy böleginde şertleri agyrlaşdyran gar tupanyna garşy alynyp barylýan işleri goldamak üçin adatdan daşary ýagdaý yglan edilen bolsa, operasiýalara Milli goragçylaryň gatnaşýandygyny beýan etdi.

Ýurtdaky howa maglumatlary hakynda habarnama berýän guramanyň beýan etmegine görä 1,5 metrden gowrak gar ýagan Kaliforniýanyň San Bernandino etrabynda käbir ýaşaýjylar bilen dynç alyşa gelenler agyr şertlere sezewar boldy.

ABŞ-da elektrik togunyň kesilmegi hakynda maglumatlar berýän internet saýtynyň mälim etmegin görä gyş şerteri sebäpli 74 müňden gowrak öýe elektrik togy berilmeýär.

Meteorologiýa bilermenleri ýurduň demirgazyk etraplarynda gyş şertleriniň ýene-de 8-10 gün dowam etjekdigini, Arizonadaky gar tupanynyň şu günden başlap Demirgazyk Tehasdada dowam etjekdigini habar berdiler.



Degişli Habarlar