Polşa Ukrainaly Bosgunlaryň Ýaşaýyş Üpjünçiligine Goldaw Berer

Polşada jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ukrainaly immigrantlar ýurtdaky 120 günlük ýaşaýyş möhletinden köp galsalar, olaryň ýaşaýyş çykdajylaryna goldaw berer.

1953399
Polşa Ukrainaly Bosgunlaryň Ýaşaýyş Üpjünçiligine Goldaw Berer

Poşanyň habarlar gullugy “PAP-yň” habar bermegine görä immigrantlar hakyndaky kanunyň üýtgetmeleri şu gün güýje girdi.

Girizilen üýtgetmä görä Polşada 120 günden köp ýaşan immigrantlaryň çykdajylarynyň 50 göterimini we maý aýyndan başlap 180 günden köp ýaşan halatynda bolsa çykdajynyň 75 göterimini tölär.

Maýyplar we şikestliler öýlerinde bolýan, çagalar, garrylar, göwreli aýallar, bir ýaşyna ýetmedik we üç ýa-da ondan köp çagasy bolanlar ýaly toparlar şol üýtgetmäniň borçlaryndan boşadylar

Häzirki wagtda 80 müňe golaý ukrainaly immigrant Polşadaky jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlaryndan peýdalanýar.

 



Degişli Habarlar