“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Asla Ýol Bermeris”

“Prezident Baýden, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna garşy tutanýerli tutum alyp barýar"

1953671
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Asla Ýol Bermeris”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, ýurdunyň, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna asla ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Praýs metbugata beren beýannamasynda, Halkara Atom energiýasy gullugynyň Eýranyň Fordo ýadro desgasynda urany 83,7 göterim kämilleşdirendigini anyklandygy bilen arabaglanşykly habarnama hakyndaky soraglara jogap berdi.

Praýs, “Prezident Baýden, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna garşy tutanýerli tutum alyp barýar. Biz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna asla ýol bermeris” diýdi.

Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesini çözmegiň ýeke-täk ýolunyň diplomatiýadan geçýändigini nygtan Praýs” Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesini yzygiderli ýagdaýda çözmek isleýäris we bu meseläniň diplomatyýa arkaly çözüljekdigine ynanýarys. Emma asla Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol bermeris we munyň üçin degişli çareleri göreris” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar