Putin START Ylalaşygynyň Bes Edilmegi Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Döwlet Dumasy 22-nji fewralda karar kabul edipdi.

1953064
Putin START Ylalaşygynyň Bes Edilmegi Hakyndaky Kanuny Tassyklady

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ýurdunyň ABŞ bilen gol çekişilen we materiklerara atom ballistiki raketa ukyplaryny çäklendirmegi nazarda turýan Täze Strategik Ýaraglaryň Azaldylmagy hakyndaky ylalaşygyň (START) bes edilmegi hakyndaky kanuny tasssyklady.

Russiýanyň Döwlet kanun maglumatlandyryş ulgamynda neşir edilen Putiniň tassyklan kanunyna görä Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky Täze START  ylalaşygy bes edildi.

Kanuna görä ýurduň adybir ylalaşyga gaýtadan goşulmak hakyndaky karar Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy tarapyndan kabul ediler.

Wladimir Putin 21-nji fewralda Federal Mejlisde sözlän sözünde Russiýanyň ABŞ bilen gol çekişilen Täze START ylalaşygyna gatnaşygyny bes edendigini aýdypdy.

Russiýanyň Döwlet Dumasy şol ylalaşygy bes etmek hakyndaky karary 2-nji fewralda kabul edildi.



Degişli Habarlar