ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky Kowid-19 bilen bagly jedelleşikler dowam edýär

ABŞ-nyň Hytaýdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nikolas Burns, Hytaýyň täze görnüş koronawirusyň gelip çykyşy barada has dogruçyl bolmagynyň gerekdigini beýan etdi

1952787
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky Kowid-19 bilen bagly jedelleşikler dowam edýär

ABŞ-nyň mediasynyň berýän habaryna görä Nikolas Burnsyň beýanaty bir federal guramasynyň epidemiýanyň Hytaýyň Uhan şäherindäki wirus laboratoriýasyndan gelip çykan bolmagynyň ähtimaldygy baradaky beýannamasyndan 1 gün soň berildi. 

Hytaý bolsa şol öňe sürmeler barada "Kowid-19 syýasylaşdyrylmaly däl" diýip jogap berdi. 

Duşenbe güni ABŞ-nyň Söwda palatasy tarapyndan geçirilen çäreleriň birinde çykyş eden Nikolas Burns: "Hytaý 3 ýyl ozal Uhanda nämeleriň başdan geçirilendigi we Kowid-19 krizisiniň gelip çykyşy barada has dogruçyl bolmalydyr" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň metbugatynda ýekşenbe güni berilen habarlarda, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň gizlin razwedka habarnamasynda wirusyň laboratoriýadan ýalňyşlyk bilen çykandygy barada netijä gelinendigini habar beripdi. 

Duşenbe güni agşam bu mesele boýunça soraglara jogap beren Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Kirbi, ABŞ-nyň hökümediniň bu meselede anyk bir kararynyň bolmandygyny aýan edipdi. 



Degişli Habarlar