“Russiýanyň Ýadro Ýaragyny Ulanmagyna Garaşmaýarys”

"Putiniň ýadro ýaragyny ýa-da şuňa meňzeş zat ulanmagy meýilleşdirýändigi netijesini çykaramok”

1950838
“Russiýanyň Ýadro Ýaragyny Ulanmagyna Garaşmaýarys”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy hakyndaky ylalaşykden (START) çekilmegininden ýadro ýaragyny ulanmagy meýilleşdirýändikleri netijesini çykarmaýandyklaryny aýtdy.

“ABC Nýus” teleýaýlymyna interwýu beren Jo Baýden, Russiýanyň START ylalaşygyndan çekilmegi hakynda garaýyş beýan etdi.

Bu kararyň “uly ýalňyşlykdygyny” we jogapkärçilikli çemeleşme däldigini nygtan Baýden; “Emma onuň Putiniň ýadro ýaragyny ýa-da şuňa meňzeş zat ulanmagy meýilleşdirýändigi netijesini çykaramok” diýdi.

Baýden, bu meseläni çözjekdiklerine ynanýandyklaryny beýan edip, ýaraglaryň gözegçiligi hakyndaky ylalaşyklaryň iki tarapyň we dünýäniň bähbidine bolandygyny aýtdy.

Russiýanyň bu mesele boýunça pozisiýasynyň üýtgändigini görkezýän alamatyň ýokdugyny nygtan Baýden; “Onuň şeýle täze ýadro ýaraglary, halkara materikara ballistiki raketalary ulanmagy meýilleşdirýändikleri manysyny aňladýandyny görkezýän hiç hili delil ýok” diýdi.



Degişli Habarlar