10 Ýaşly Oglanjyk Kömek Üçin 2 Müň Ýewrop Ýygnady

10 ýaşly Ali Jem ýer titremelerden soň plastiki gaplary ýygnap, ýer titremelerde ejir çekenler üçin 2 müň ýewro toplady.

1951023
10 Ýaşly Oglanjyk Kömek Üçin 2 Müň Ýewrop Ýygnady

Gollandiýada ýaşaýan 10 ýaşly Ali Jem merkezi Kahmaranmaşda bolan ýer titremelerden soň plastiki gaplary ýygnap, ýer titremelerde ejir çekenler üçin 2 müň ýewro toplady.

Türkiýäniň Dewenterdäki Başkonsullygynyň sosial media hasabyndan Başkonsul Muammer Hakan Jengiziň, 10 ýaşly Ali Jem bilen duşuşyp, beren kömegi üçin oňa sowgat beren pursadynda alynan suraty paýlaşyldy.

Türkiýäniň Gagadaky İlçisi Selçuk Ünalyň hem Zutpen şäherinde ýaşaýan Jem we maşgala agzalaryna telefon edip, sagbolsun aýdandygy nygtalyp; “10 ýaşly Ali Jem ýer titremäniň öwezini dolmağa kömek üçin öz tagallasy bilen doganynyň we dostlarynyn goldaw bermeginde plastiki gaplary ýygnap, 2 müň ýewro toplady. Şu agyr günlerde Zutphenden bize güýç we umyt berdi. Ýaşy kiçi, emma ýüregi uly. Sag bol gadyrdan Ali Jem” diýilýär.

6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde müňlerçe adam pida bolupdy.



Degişli Habarlar