Ysraýyl 2026-njy Kosmos Teleskopuny Uçurar

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos edarasy (NASA) 2026-njy ýylda Ysraýyla degişli kosmos teleskopuny dünýä orbitasyna uçurar.

1949819
Ysraýyl 2026-njy Kosmos Teleskopuny Uçurar

Ysraýyldaky Weizmann adyndaky institutyň ýazmaça beýannamasynda NASA-nyň Ysraýylyň ilkinji kosmos teleskopy ULTRASAT-y 2026-njy ýylyň başynda dünýä orbitasyna uçurjakdygy mälim edildi.

Teleskopyň uçurylmagynyň NASA bilen Ysraýylyň İnnowasiýalar, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda gol çekişilen hyzmatdaşlygyň bir böleginden ybaratdygy, ULTRASAT-yň adybir ministrlige degişli Kosmos gullugy bilen institutyň esasy taslamasydygy beýan edildi.

Teleskopyň alymlaryň dünýadaki nýutron ýyldyz sintezleri ýaly wagtlaýyn wakalary anyklamak hem-de olary seljerme ukybyny ýüze çykarmagyna garaşylýandygy, ULTRASAT-yň dünýäden ölçenip bilinmeýän ultramämişi şöhläni ölçejekdigi we ylym dünýäsine wagtlaýyn wakalar hakynda gönüden maglumatlar berjekdigi beýan edildi.

 



Degişli Habarlar