Tramp: "III jahan urşy ozal beýle ýakyn bolmandy" diýdi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, III jahan urşunyň ozal beýle ýakyn bolmandygyny habar berdi

1950027
Tramp: "III jahan urşy ozal beýle ýakyn bolmandy" diýdi

24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň 1-nji ýylynda Donald Tramp özüniň resmi internet saýtynda: "Prezident Tramp tükeniksiz söweşleri yzynda bolanlary we globalistleri kowar" atly wideo çap etdi. 

"III jahan urşy ozal beýle ýakyn bolmandy" diýip aýdan Donald Tramp, çuň döwletdäki, Goranmak ministrligindäki we Daşary işler ministrligindäki ähli söweş öjükdirijilerini we globalistleri şol guramalardan arassalanmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Donald Tramp, özüniň nesiller boýy söweş başlatmadyk ýeke-täk Prezident bolandygyny belledi we Waşingtondaky býurokratlaryň maslahatlaryny ret edip, çaknyşyklara böwet bolandygyny habar berdi. 

Ukrainada 2014-nji ýylda bolan gozgalaňlara şol wagtyň ABŞ hökümetiniň goldaw berendigini aýdan Donald Tramp: "ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Syýasy işler boýunça geňeşçisi Wiktoriýa Nuland ýaly, Ukrainany NATO ýakynlaşdyrmaga ýolugan adamlara eýediris" diýip nygtady. 

Tramp, şol adamlaryň Yrakda bolşy ýaly uzak wagt bäri çaknyşyklaryň yzyndadyklaryny belläp, ýene-de şol adamlaryň hiç biriniň Ukrainanyň bir ýyl ozal basylyp alynmagny aklap bilmejekdigini beýan etdi. 

"Men Prezidentiňiz bolsadym bular çürt-kesik bolmazdy" diýip aýdan Donald Tramp, Amerikan daşary syýasatyna eýe bolan korrumpirlenen global düzgünden halas bolmagyň gerekdigini belledi. 

2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär bolan Tramp, öz Prezidentlik döwründe şol düzgüniň üýtgejekdigini mälim etdi. Tramp: "Dogry liderlik bilen Ukraina söweşini 24 sagatda bes edip bileris" diýip, özüniň ABŞ-nyň bähbitlerini ähli zatdan ýokary tutýan  resmileri bellejekdigini aýan etdi. 

Tramp Prezident saýlawyna dalaşgär boljak adamlaryň fiziki ýagdaýda işläp biljekdigini görkezýän bir synagdan geçmeginiň gerekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar