Hytaý-Täjigistan serhedinde ýer titreme boldy

Hytaý-Täjigistan serhedinde 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy

1950285
Hytaý-Täjigistan serhedinde ýer titreme boldy

Hytaýyň Ýer titreme tory merkezinden berilen beýanata görä, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjan Uýgur awtonomiýasy bilen Täjigistanyň gündogaryndaky Daglyk Badahşan awtonom sebitiniň arasyndaky sebitiň golaýynda 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýer titremäniň güýjüni 6,8 bal hökmünde hasaplady, güýç merkeziniň bolsa serhediň Täjisgistan tarapyndaky Murghob şäheriniň 67 km günbatarydygyny habar berdi. 

Ýerli wagt bilen sgat 06:37-de bolan ýer titreme, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek we Oş şäherlerinde hem duýuldy. 



Degişli Habarlar