ABŞ-nyň Orlando şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

1950481
ABŞ-nyň Orlando şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Orlando şäherinde guralan ýaragly hüjümde aralarynda 9 ýaşyndaky bir çaga bilen bir metbugat işgäri hem bolan jemi 3 adam ýogaldy. 

Florida ştatynyň Şerif ofisi waka bilen bagly beren beýanatynda, 19 ýaşyndaky hüjümçiniň Keýt Melwin Mozesiň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 

Öýleriniň golaýynda hüjüme sezewar galan bir zenan we 9 ýaşyndaky gyzy ýogaldy. 

Polisiýa gullugy hüjümiň habaryny bermäge baran 2 metbugat işgäriniň hem hüjüme sezewar galandygyny, metbugat işgärleriniň biriniň ýogalandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň näme sebäpli guralandygy entek anyklanmady, waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar