Ukraina Meselesinde Käbir Ýurtlar Meçew Bermegi Bes Etmeli

Hytaýyň Daşary işler ministri Çin Gang Ukraina meselesinde käbir ýurtlaryň meçew bermegi bes etmelidigini aýtdy.

1949291
Ukraina Meselesinde Käbir Ýurtlar Meçew Bermegi Bes Etmeli

Paýtagt Pekinde geçirilen “Lanting” maslahatynda çykyş eden ministr Çin, ýurdunyň Ukraina meselesinin çözülmeginde dialoguň we geňeşmeleriň goldanmagy, ähli taraplaryň aladlaryny kaganatlandyrjak howpsuzlyk düşünjesiniň kabul edilmeği üçin halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde tagalla etjekdigini nygtady.

Ukraina meselesinde Ýewropa durnukly parahatçylygy getirjek syýasy çözgüdiň tapylmalydygyny nygtan ministr Çin, ABŞ-ny göz önünde tutup; “Käbir ýurtlary urşa meçew bermekden el çekmäge çagyrýarys” diýdi.

Ministr Çin dünýäde durnuksyzlygyň we çaknyşyk howpunyň barha artýandygyna ünsi çekip; “Parahatçylygy söýüji ýurtlar bar bolan duşmançylyklary dessine bes etmek üçin tagalla etmeli” diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministr bu çykyşy ABŞ-nyň Hytaýyň Russiýa Ukraina söweşi üçin ýarag we ok-däri berýändigini öňe sürýändigini nygtap, resmi Pekine şeýle başlangyjyn “agyr netijelerinin” boljakdygyny duýdurmagyndan soň etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken 19-njy fewralda “JBS” teleýaýlymyna beren intewýusynda Amerikan howpsuzlyk gullugynyň Hytaýyň Russiýa, Ukraina söweşinde goldaw bermek üçin ýarag we ok-däri üpjün etmegi seljerýändigi hakynda maglumatlar edinendigini öňe sürüpdi.



Degişli Habarlar