Ysraýylyň Harby Güýçleri 20 Palestinalyny Saklady

Ysraýylyň harby güýçleri Günbatar Şeriada geçiren barlagynda 20 palestinalyny saklady.

1946893
Ysraýylyň Harby Güýçleri 20 Palestinalyny Saklady

Palestinanyň habarlar gullugy “WAFA-nyň” habar bermegine görä Ysraýylyň harby güýçleri Günbatar Şerianyň dürli şäherlerinde şu gün irden geçiren barlaglarynda 20 palestinalyny saklady.

Ýehudi ýaşaýyjylaryndan bir toparyň bolsa Nablusda bir palestinalynyň ulagny oda berendigi habar berildi.

Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Günbatar Şeriada we Gündogar İýerusalimde ýygy-ýygydan reýd geçirýän Ysraýylyň harby güýçleri bolsa palestialylary dürli günäkärlemeler bilen saklaýalar.

Ysraýylyň harby goşunlarynyň basyşyna garşy durýan sebitiň ýaşaýjylary bilen Ysraýylyň esgerleriniň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar bolýar.



Degişli Habarlar