NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Türkiýede Saparda Bolar

Stoltenberg, “NATO agza ýurtlar Türkiýä uly goldaw berýär” diýdi

1946960
NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Türkiýede Saparda Bolar

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ertir Türkiýä geler.

Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda, NATO-nyň Türkiýä goldaw berýändigini we ertir Türkiýä gitjekdigini aýtdy.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesi sebäpli Türkiýä uly gynanç bildirýändiklerini aýdan Stoltenberg, “NATO agza ýurtlar Türkiýä uly goldaw berýär” diýdi.

Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň ynsanperwer kömegi bilen birlikde Türkiýä wagtlaýyn ýaşaýyş desga kömegini berjekdigini ýatlatdy.

Stoltenberg, “Prezident R. T. Erdogan we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşmak, gynanç bildirmek we arkalaşykly hereket edýändigimizi görkezmek üçin ertir Türkiýä giderin” diýdi.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda, 10 welaýatda we Siriýada uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleri “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar