Albaniýada we Demirgazyk Makedoniýada Bolan Ýer Titremeleri Zerarly Milli Ýas Yglan Edildi

Milli ýasyň çäginde şol iki ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

1946030
Albaniýada we Demirgazyk Makedoniýada Bolan Ýer Titremeleri Zerarly Milli Ýas Yglan Edildi
Kuzey Makedonya Milli Yas.jpg
Arnavutluk Milli Yas.jpg
Arnavutluk Milli Yas1.jpg
Kuzey Makedonya Milli Yas1.jpg

Albaniýada we Demirgazyk Makedoniýada 6-njy fewralda Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleri zerarly yglan edilen 1 günlük milli ýas düýn agşam başlady.

Albaniýanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň hökümetleri tarapyndan yglan edilen milli ýasyň çäginde iki ýurtda döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Milli ýasyň çäginde şol iki ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Albaniýanyň Prezidenti Baýrak Begaý sosial mediadan beren habarnamasynda, Türkiýe-Siriýa serhedinde bolan ýer titremelerinde ýogalanlar üçin doga edendiklerini aýtdy.

Begaý “Albaniýa, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Albaniýada bolan ýer titremesinde Türkiýäniň beren goldawyny asla ýatdan çykarmardy we çykarmaz”diýdi.

Demirgazyk Makedoniýanyň hökümetinden berlen beýannamada, “Hökümet, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň hossarlaryna we türk halkyna uly gynanç bildirýär” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar