Albaniýada Türkiýede Bolan Ýer Titremeleri Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Albiýan Türkiýä gynanç bildirýär

1945197
Albaniýada Türkiýede Bolan Ýer Titremeleri Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Albaniýanyň hökümeti 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleri sebäpli 13-nji fewralda ýurtda 1 günlük milli ýasyň yglan edilmegi barada karar kabul etdi.

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, hökümetiň kabul eden kararyny sosial media arkaly habar berdi.

Duşenbe güni ýurtda baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladyljakdygyny we ýer tiremesinde ýogalanlar üçin şem ýakyljakdygyny aýdan Rama, “Türkiýe-Siriýa serhedindäki ýer titremelerinde ýogalanlar üçin Albiýanyň Türkiýä gynanç bildirýändigini we ýogalanalryň hormatyna Albaniýanyň hökümetiniň 13-nji fewralda ýurtda 1 günlük milli ýasyň yglan edilmegi barada karar kabul etdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar