ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Erdogana Ýüzlenme Ugratdy

ÝB-ne agza ýurtlaryn liderleri Türkiýedäki ýer titremeleri sebäpli Prezident R.T.Erdogana ýüzlenip hat ýazyp, duýgudaşlyk bildirdiler we medet beriji duýgularyny beýan etdiler.

1944455
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Erdogana Ýüzlenme Ugratdy

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB-niň Liderleriniň maslahaty 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde pida bolanlar üçin 1 minutlyk hormatly dymyşlyk bilen başlady.

Liderler şeýle hem Prezident Erdogana ýüzlenme çap etdiler. Ýüzlenmede; “Halkyňyz ýürek paralaýyjy pajygany başdan geçirýär” diýip nygtan ÝB-niň liderleri, ýer titrmelerinde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdiler.

Hossarlaryny we ýakynlaryny ýitirenler, habara garaşýanlar bilen arkalaşýandyklaryny beýan eden ÝB-niň liderleri, ýaralylara şypak dileklerini ýetirdiler.

Liderler; “ÝB we agza ýurtlar bu tragediýada Türkiýe we Siriýanyň halklary bilen doly arkalaşýar” diýip nygtadylar.

Ýer titremesinden soň dessine kömek bermek üçin ellerinden geleni edýändiklerini beýan eden liderler, ÝB Komissiýasynyň  we ÝB-niň döwürleýin başlygy Şwesiýanyň halkara jemgyýetçiliginde maliýe goldawyny ýygnamak üçin mart aýynda donorlar maslahatyny guramak üçin işe girişendigini ýatlatdylar.

Liderler ýüzlenmede; “Biz türk tarapy bilen ýakyn utgaşyklykda goldawymyzy artyrmaga taýýar.  Aň-düşünjämiz siz we halkyňz bilen bolmaga dowam eder” diýilýär.

ÝB-niň Liderler sammitiniň jemleýiji jarnamasynda-da ýer titremelerine orun berildi.

Jarnamanyň “Türkiýedäki we Siriýadaky ýer titreme” söz başyly bölüminde, duýgudaşlyk we arkalaşyk frazalaryna orun berildi.

 



Degişli Habarlar