Ştaýnmaýer Türkiýe Duýgudaşlyk Bildirdi

Germaniýanyň Prezidneti Frank Uolter Ştaýnmaýer 6-njy Fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli ýas tutýanlara “Çekýän gam-gussaňyzy görýäris, agylaryňyzy eşidýäris. Siziň gussaňyz, biziň guşamyzdyr” diýdi.

1944644
Ştaýnmaýer Türkiýe Duýgudaşlyk Bildirdi

Ştaýnmaýer sosial media ulgamy arkaly ýaýradan wideo ýüzlenmesinde ýekşenbe gününden bäri Türkiýeden we Siriýadan gelip gowuşýan habarlaryň özlerini çuňňur gynandyrandygyny beýan etdi.

Ençeme adamyň öýleriniň harabalyklarynyň aşagynda galandygyny nygtan Ştaýnmaýer; “Köp sanly adam öýlerini, goş-golamlaryny ýitirdi. Garda we sowukda goragsyz” diýdi.

Ştaýnmaýer ýer titremesinde halas bolanlaryň, pida bolan ýakynlarynyn ýasyny tutýandygyny beýan edip, Türkiýede we Siriýada dogan-garyndaşy bolan Germaniýadaky adamlara ýüzlenip; “Germaniýanyň ähli ýerinde ýas tutýan, aglaýan, umytlanýan we gorkýan adamlara, tebigy apat sebitlerine kömek berip bilmeýändikleri üçin özüni gujursyz duýýanlara ýüzlenýärin. Çekýän gam-gussaňyzy görýäris, agyrýaryňyzy duýýarys. Siziň gussaňyz, biziň gussamyz. Häzirki wagtda haraba öwrülen şäherlerde bärde biziň bilen kömek ugradýanlara minnetdarlyk bildirýärin. Häzirki wagtda arman-ýadaman işleýän köp adam bar. Kömek ugradýanlar, ýygnaýanlar ýa-da özleri kömek edýänler, Türkiýedäki we Siriýadaky dogan-garyndaşlary ejir çeken goňşularyna goldaw berýänler… Ýurdumyzyň adyndan çuňňur minnetdarlyk bildirýärin; Danke, teşekkürler we Şükran” diýdi.



Degişli Habarlar