Britaniýa Bilen Ukrainanyň Arasynda London Jarnamasyna Gol Çekişildi

Britaniýa bilen Ukrainanyň arasynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça “London Jarnamasyna” gol çekişildi.

1944174
Britaniýa Bilen Ukrainanyň Arasynda London Jarnamasyna Gol Çekişildi

Jarnama Britaniýanyň paýtagty Londona baran Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak gol çekdiler.

Jarnamada Russiýanyň Ukraina 2014-nji we 2022-nji ýyllarda guran hüjümleri hakynda “Ýewropanyň howpsuzlygyna we adamlaryn öz gelejeklerini kesgitleme hukugyna hüjüm edýärler. Azatlygymyza howp salýarlar” frazasy ulanyldy.

Russiýa garşy Britaniýa bilen Ukrainanyň arakalaşýandygy, Britaniýanyň Ukrainanyň haraşsyzlygyny, territorial bitewiligini we serhetleriniň mizemezligini goldamaga dowam etjekdigi beýan edildi.

Jarnamada Ukrainanyň NATO agzalygy bilen bilelikde öz howpsuzlygy bilen bagly tagallalaryna goldaw beriljekdigi nygtalyp; “Ukrainanyň ýaragly güýçleri, diňe bir öz territoriýasyny däl, umumy gymmatlyklarymyzy we halkara hukugyň başlangyç kadalary bolup durýan BMG-niň konwensiýasyny hem goraýar. Ýurtlarymyz Russiýanyň “täsir giňişligi” diskursyny we güýç ulanmak arkaly serhetlerini üýtgetmek ugrundaky başlangyçlaryny kabul etmeýär. Özygtyýarlylyk we öz ykbalyňy kesgitleme ýörelgeleriniň tarapynda durýarys. Russiýanyň edýän wagşyçylygynyň gaýtalanmazlygy boýunça egilşiksiz pozisiýamyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.  



Degişli Habarlar