Bild gazedi: "Şol ýer titreme Germaniýada bolsady bütin ýurda ýaramaz täsir ýetirerdi"

Germaniýanyň Bild gazedi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabynda bolan güýçli ýer titremäniň täsir ediş kartasyny Germaniýanyň kartasyna uýgunlaşdyryp, okyjylaryna ýetirdi

1943967
Bild gazedi: "Şol ýer titreme Germaniýada bolsady bütin ýurda ýaramaz täsir ýetirerdi"

Bild gazedi habarynda: "Türkiyedäki we Siriýadaky ýer titremäniň güýji şeýle uly welin, bütin ýurda ýaramaz täsir ýetirerdi. Güýç merkezi ýurdumyzyň ortasynda bolsady onda diňe ülkäniň iň günortasynda we iň demirgazygynda duýulmazdy" diýip bellendi. 

Ýer titremäniň Germaniýanyň aglaba bölegine täsir ýetirip biljekdigini bellän Bild gazedi: "Frankfurt, Ştutgart, Wisbaden, Dortmund, Wýursburg, Mangeým we Gannower ýaly şäherler şol apatyň iň agyr ýüküni çekerdiler we uly weýrançylyk bolardy. Diňe şol şäherleriň merkezinde millionlarça adama ýaramaz täsir ýeterdi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar