BMG-da Türkiýede we Siriýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlar Üçin Hormatly Dymyşlyk Edildi

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasynyň başlygy Çaba Karri, ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

1942828
BMG-da Türkiýede we Siriýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlar Üçin Hormatly Dymyşlyk Edildi
nato bayrak yarıya.jpg

BMG-nyň Baş Assambleýasynda, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasynyň başlygy Çaba Karri, oturlyşykda eden çykyşynda Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Karri, 193 agzaly Baş Assambleýada geçirlen sese goýulşygyň öňüsyrasynda agza ýurtlara bir minutlyk hormatly dymyşlyk edilmegi üçin çagyryş berdi.

Beýleki tarapdan, Prezident R. T. Erdoganyň, merkezi Kahramanmaraşyň Pazarjyk we Elbistan etraplary bolan we 10 welaýatda duýulan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýasyň yglan edilmegi baradaky permanyndan soň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň ştab kwartirasynda Türkiýäniň baýdagy ýarysyna çenli aşakladyldy.



Degişli Habarlar