Awstriýada we Şweýsariýada bolan harsaň sebäpli jemi 7 adam ýogaldy

Awstriýanyň Tirol welaýatyndaky lyža merkezlerinde yzly-yzyna harsaň apatlarynyň başdan geçirilmegi sebäpli jemi 5 adam ýogaldy

1942279
Awstriýada we Şweýsariýada bolan harsaň sebäpli jemi 7 adam ýogaldy

Tirol welaýatynyň polisiýa gullugyndan berilen beýanata görä, ýurduň Langenfeld-im-Estal, Debantal, San Anton am Arlberg sebitlerinde ýerleşýän lyža merkezlerinde 5 adam garyň aşagynda galyp ýogaldy. 

Ýogalanlaryň 3-siniň türgendigi, 1-iniň sürüjidigi we ýene-de 1-siniň syýahatçydygy habar berildi. 

Şweýsariýada başdan geçirilen harsaň sebäpli bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Şweýsariýanyň metbugatynda berilen habara görä, ýurduň Graubýunden kantonynda harsaň apatynyň başdan geçirilmegi netijesinde lyža zolagynyň daşynda typan 2 adam ýogaldy. 

Kantonyň Polisiýa gullugy toparyň düzüminde bolan 3-nji adamyň bolsa garyň akymyna tutulandygyny, emma ýaralanmadan halas bolmagyň hötdesinden gelendigi aýan edildi. 

Polisiýa gullugy ýogalanlaryň 1-iniň erkek beýlekisiniň bolsa zenandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar