Baýden Ukraina F-16 Uçarlarynyň Berilmejekdigini Aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukraina F-16 harby uçarlarynyn berilmejekdigini aýtdy.

1939909
Baýden Ukraina F-16 Uçarlarynyň Berilmejekdigini Aýtdy

Baýden Ak Tamda žurnalistlerden biriniň “ABŞ, Ukraina F-16 berermi” soragyna “ýok” diýip, jogap berdi.

Baýden Russiýa-Ukraina sweşiniň başlan gününde Ýewropa sapar gurap-guramajakdygy hakynda soraga bolsa; “Heniz netijä gelmedim” diýip, jogap berdi.

Polşa sapar etjekdigini aýdan Baýden, saparyň wagtyny bilmeýäňdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezident Baýdeniň Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan güni bolan 24-nji fewralda Ukraina sapar gurajakdygy gün tertibine gelipdi. Ak Tamyň Metbugat sekretary Karin Žan-Piýer bolsa urşuň başlan güni üçin Baýdeniň sapar etme meýilnamasynyň ýokdugyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar