Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Demirgazyk Koreýanyň artýan atom howpuna we Russiýa bilen Hytaýyň şol görnüşdäki ýaraglara eýe bolmagyna garşy ABŞ-nyň ýadro ýüzöwürdijiligini ýaran ýurtlarda-da giňeltmelidigini beýan etdi.

1939484
Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli

Demirgazyk Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Stoltenberg Koreýa Respublikasyna guran saparynda paýtagt Seulda Koreý ýarym adasyndaky geosoýasy howplar boýunça barlaglar geçirýän “JHEÝ” institutynda çykyş etdi.

Ýado ýaraglary doly ýok edilýänçä NATO*nuň “ýadro ýaranlyk” hökmünde dowam etjekdigini, Russiýanyň, Hytaýyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro howplaryna garşy ABŞ we Fransiýa ýaly NATO-nuň ýaranlarynyň ýadro ýaraglaryndan el çekmeginiň has uly howplary ýüze çykarjakdygyny nygtan Stoltenberg; “ Ýadro ýaraglary doly ýok edilýänçä, esasanda Russiýa ýaly awtoritar güýçler olara eýe bolmak, mobilizlemek üçin uly maýa goýumlar goýýarka, Hytaýda görşümiz ýaly atylmaga taýýar ýaraglaryň artdyrylýarka we Demirgazyk Koreýanyň tagallalaryny görenimizde ýadro ýüzöwürdijiligiň henizem esasy borçlardan biridigine göz ýetirýäris” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary iki günlük sapar bilen Koreýa Respublikasyna guran saparynda Daşary işler ministri Park Jin bilen duşuşyp, Demirgazyk Koreýanyň Ukraina söweşinde Russiýa berýän goldawyna ünsi çekip, global derejede “arabaglanşykly howpsuzlyk” tagallalarynyň ähmiýetini nygtapdy.

 



Degişli Habarlar