8 Hepde-de Kowid-19 Sebäpli 170 Müň Adam Ýogaldy

Baş sekretar “Wirus täsirini dowam etdirýär” diýip duýduryş berdi.

1937488
8 Hepde-de Kowid-19 Sebäpli 170 Müň Adam Ýogaldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Adhanom Gebreýesus, soňky 8 hepde-de täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 170 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Dekabr aýynyň başyndan bäri epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sanynyň soňky hepdelerde ýokarlandygyna ünsi çeken Gebreýesus: “Soňky 8 hepde-de 170 müňden gowrak adam Kowid-19 sebäpli ýogaldy. Şol san diňe bellige alynanlary öz içine alýar, ýogalanlaryň hakyky sany bolsa has köp” diýdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 3 ýyl ozal epidemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edendigini ýatladan Gebreýesus, şu hepde Kowid-19 komitetiniň wirus bilen arabaglanşykly soňky görkezijileri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişjekdigini aýtdy.

Baş sekretar “Wirus täsirini dowam etdirýär” diýip duýduryş berdi.



Degişli Habarlar