Russiýa, Estoniýanyň Ilçisiniň Ýurdy Terk Etmegini Isledi

Estoniýanyň Moskwadaky ilçisiniň 2023-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli Russiýa Federassiýany terk etmegi üçin möhlet berildi

1936640
Russiýa, Estoniýanyň Ilçisiniň Ýurdy Terk Etmegini Isledi

Russiýa, Estoniýanyň Moskwadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marus Laýdreniň ýurdy terk etmegini isledi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Estoniýanyň, Russiýanyň Tallindäki ilçihanasynyň işgärleriniň sanynyň azaldylmagy barada karar kabul edendigi ýatladyldy.

Beýannamada Russiýanyň karara nägilelik bildirýändigi we Estoniýanyň Moskwadaky ilçisi Marus Laýdreniň ministrligine çagyrlandygy bellenildi.

Beýannamada “Russiýa karara reaksiýa bildirdi we iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny geňeşçi ilçi derejesinde dowam etdirilmegi boýunça karar kabul etdi. İlçä, Estoniýanyň hökümetiniň karary sebäpli protest notasy berildi. Estoniýanyň Moskwadaky ilçisiniň 2023-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli Russiýa Federassiýany terk etmegi üçin möhlet berildi”diýildi.

Estoniýanyň Daşary Işler ministrligi, 11-nji ýanwarda Russiýadan 1-nji fewrala çenli diplomatlarynyň sanynyň 8-e çenli aşakladylmagyny talap edipdi.



Degişli Habarlar