Hytaýda Kowid-19 sebäpli ýogalýanlaryň sany artýar

Hytaýda Kowid-19 görülen öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagyndan soň epidemiýa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga başlady

1936267
Hytaýda Kowid-19 sebäpli ýogalýanlaryň sany artýar

Ýurtda soňky 1 hepdede takmynan 13 müň adamyň koronawirus sebäpli ýogalandygy habar berildi. 

Beýannama Hytaýyň Keseliň öňüni alyş we gözegçilik merkezi tarapyndan berildi. 

Beýannamada başga keseli bar bolan 12 müňe golaý adamyň Kowid-19 sebäpli, galan bölegi bolsa dem alyş ýetmezçiligi sebäpli ýogalandygy habar berildi. 

Keseli öýünde geçiren we ýogalan adamlaryň bolsa umumy görkezijide hasaba alynmandygy beýan edildi. 

Geçen birnäçe gün ozal berilen beýannamada bolsa ýurtda soňky 1 aýda Kowid-19 sebäpli 60 müňe golaý adamyň ýogalandygy aýan edilipdi. 

Hytaý dekabr aýynyň başynda giň-gerimli protestlerden soň, nol hadysa syýasatyndan ýüz öwüripdi. 

Ýurtda Kowid-19 görülen öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagyndan soň epidemiýa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga başlapdy. 



Degişli Habarlar