Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy

1936316
Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, elinde ýarag bilen gezen bir adamyň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda polisiýa işgärleri Parižiň 11-nji sebitine bardylar. 

Polisiýa işgärleri elindäki ýaragy bilen özlerini nyşana almaga synanyşan adama od açdylar. 

Döşüne 4 ok degen adam ýogaldy. 

Habar çeşmeleri ýogalan adamyň polisiýa işgärlerine hiç zat aýtmandygyny, emma haýbat atandygyny mälim etdiler. 

Şahsyýeti entek anyklanmadyk adamyň elindäki ýaragynyň bolsa hakyky bolmandygy anyklandy. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar