ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Hytaýyň Täze ýyl baýramy bilen bagly dabarada guralan ýaragly hüjümde azyndan 9 adam ýogaldy

1936227
ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Montereý Park şäherinde Hytaýyň Täze ýyl baýramy bilen bagly dabarada ýaragly hüjüm guraldy. 

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda hüjümde ilkinji kesgitlemere görä 9 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Los-Anjeles etrabynyň Şerif departamentinde işleýän seržant Bob Bouz hüjümiň Montereý Park şäherindäki iş ýerleriniň birinde guralandygyny habar berdi. 

Hüjümçiniň erkek adamdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar