Mikotakis Türkiýe Bilen Düşnüşmezlikleriň Gepleşikler Arkaly Çözüljekdigini Ynanýar

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, iki ýurduň arasynda uruş turma ähtimallygynyň bolmandygyny beýan etdi.

1935414
Mikotakis Türkiýe Bilen Düşnüşmezlikleriň Gepleşikler Arkaly Çözüljekdigini Ynanýar

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis Türkiýe bilen düşnüşmezlikleriň gepleşikler arkaly çözüljekdigini ynanýandygyny, iki ýurduň arasynda uruş turma ähtimallygynyň bolmandygyny beýan etdi.

Şwesiýanyň Dawos şäherçesinde guralan Bütindünýä ykdysadyýet forumynda söhbetdeşlige gatnaşan Mikotakis, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda soňky üç ýylda ençeme dartgynlygyň başdan geçirilendigini, meseleler üçin çözgüdiň tapyljakdygyny aýtdy.

Mikotakis žurnalist Frafid Zakarianyň beren; “Meis adasyna howp abanyp, abanmaýandygy, Türkiýe bilen urşuň turup, turmajakdygy hakyndaky soraga; “ Türkiýe bilen uruşmarys” diýip jogap berdi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky esasy düşnüşmezligiň Egeý  deňizinde we Gündogar Ortaýer deňizindäki ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegi bilen baglydygyny beýan eden Mikotakis; “Türkiýe bilen mantykly kâmiller ýaly oturup, esasy meselelerimizi çözmek mümkin” diýdi.

Gresiýada we Türkiýede saýlawlaryň ýakyn gelejekde geçiriljekdigine ünsi çeken Mikotakis; “Meniň pikirimçe dartgynlygy azaltmak, ikitaraply bähbit getirýän uğurlarda işleşmek, düşnüşmezliklerimiziň bardygyny kabul etmek üçin usullar bar” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan bilen ençeme gezek duşuşandyklaryny nygtan Kirýakos Mikotakis; “Agyr günlerimiz bolan hem bolsa, Prezident Erdogan bilen çözgüdiň mümkindigini pikir edýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar