Hytaýyň Ilaty Ilkinji Gezek Aşaklady

Hytaýyň ilaty 2022-nji ýylda 850 müň adam aşaklady.

1933831
Hytaýyň Ilaty Ilkinji Gezek Aşaklady

Hytaýyň ilaty 2022-nji ýylda 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 850 müň adam aşaklady.

Hytaýyň Milli hasabat gullugy ýurduň ilatynyň 1 milliard 411 million adamdygyny mälim etdi.

Täze doglanlaryň sany müň adamda 6,77, aradan çykanlaryň sany bolsa müň adamda 7,37 göterim hökmünde kesgitlendi.

Hytaýda diňe bir çaga dogurmak çäklendirmesiniň geçen ýyllarda ortadan aýrylandygyna garamazdan, ykdysady şertler sebäpli maşgalalar çaga dogurmak islemeýär.

Hytaýyň Milli hasabat gullugynyň görkezijileri, Hytaýyň ykdysadyýetiniň hem aşaklandygyna ünsi çekýär.

Görkezijilere görä, Hytaýyň ykdysadyýeti 2022-nji ýylda 3 göterim ösdi. Ykdysadyýetiň 5,5 göterim ösmegi meýilleşdirilýärdi.

Hytaýyň ykdysadyýeti täze görnüş koronawirus epidemiýasynn başlamagyndan soň 2020-nji ýylda 2,8 göterim ösüpdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #aşaklady , #ilat , #Hytaý

Degişli Habarlar