Taýlantda nebit tankeri partlady
Taýlantda gämi ussahanalarynyň birinde ýanan nebit tankeriniň partlamagy netijesinde azyndan 8 işgäriň ýitendigi mälim edildi
1933750
Bangkok Post gazediniň berýän habaryna görä, Kançanaburi welaýatynyň Muang sebitindäki gämi ussahanasynda abatlaýyş işleri geçirilen nebit tankeri ýanyp, partlady.
Partlamanyň netijesinde wakanyň bolan ýerindäki 8 işgäriň ýitendigi aýan edildi.
Resmiler ýangynyň söndürilendigini we işgärleri tapmak üçin gözleg işleriniň başladylandygyny habar berdiler.
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.