Efiopiýadaky çaknyşyklarda 600 müň adamyň ýogalandygy çak edilýär

Tigraý Halk azat edijilik frontynyň agyr ýaraglaryny Efiopiýanyň goşunyna bermeginden soň, Amhara welaýatynyň harby birikmeleri geçen hepde Tigraýdan çekilipdiler

1932993
Efiopiýadaky çaknyşyklarda 600 müň adamyň ýogalandygy çak edilýär

Afrika Bileleşiginiň Afrika şahyndaky ýörite wekili Olusegun Obasandžo, Efiopiýanyň demirgazygynda ýurduň goşuny bilen gozgalaňçylaryň arasynda 2 ýyl dowam eden çaknyşyklarda takmynan 600 müň adamyň ýogalandygyny çak edýändiklerini habar berdi. 

Beýik Britaniýanyň "Financial Times" gazedine beýannama beren ýörite wekil we Nigeriýanyň ozalky Prezidenti Olusegun Obasandžo, araçylary bilen her gün ortaça 1000 müň adamyň ýogalan bir söweşi duruzandyklaryny belläp, söweşde takmynan 600 müň adamyň ýogalandygyny pikir edýändiklerini mälim etdi. 

Çaknyşyklarda näçe adamyň ýogalandygy bilen bagly resmi maglumat berilmesede, Tigraýdaky wakalara ýakynan gözegçilik edýän Belgiýanyň Ghent uniwersitediniň hünärmenleriniň berýän habaryna görä, 200-300 müň adam front liniýasynda, asuda ilatdan 300-400 müň bolsa ýaşaýyş ýerlerinde ýogaldy. 

Tigraý Halk azat edijilik frontynyň agyr ýaraglaryny Efiopiýanyň goşunyna bermeginden soň, Amhara welaýatynyň harby birikmeleri geçen hepde Tigraýdan çekilipdiler. 

Tigraý Halk azat edijilik fronty söweş zamanynda adam hukuklarynyň düzgün bozamalary bilen günäkärlän Amhara we Eritreýa güýçleriniň hem Tigraýdan çekilmegini talap edipdi. 

Ýurduň Milli goşuny bilen Tigraý Halk azat edijilik frontynyň arasynda 2020-nji ýylyň noýabr aýynda başlan ýaragly çaknyşyklar, 2 ýyl soň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda gazanylan ylalaşyk bilen bes edilipdi. Efiopiýanyň goşuny ýaragsyzlanmagy kabul eden Tigraý Halk azat edijilik frontyny terror guramalarynyň sanawyndan çykarjakdygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar