ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy
1933692
ABŞ-nyň Florida ştatynda adam hukuklaryny goraýjy doktor Martin Lýuter Kingi hatyralama çäresinde guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýaralandy.
Florida ştatynyň Fort Pirs etrabyndaky seýilgähleriň birinde geçirilen çärede ýaragly hüjüm guraldy.
Polisiýa gullugy 1-i çaga jemi 8 adamyň ýaralanan hüjümiň düşünişmezçilik sebäpli bolandygyny we ýaralanan adamlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy, çärä azyndan 1000 adamyň gatnaşandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi