Şweýsariýa rus basyp alyşlygy astyndaky sebitlerden wiza kabul etmez

Şweýsariýa Ukrainanyň we Gruziýanyň separatist sebitleri bilen birlikde Russiýa tarapyndan basylyp alynan ýerlerden täze berilen syýahatçylyk wizalaryny kabul etmejekdigini habar berdi

1931700
Şweýsariýa rus basyp alyşlygy astyndaky sebitlerden wiza kabul etmez

Şweýsariýanyň hökümeti Ýewropa Bileleşiginiň 8-nji dekabrda kabul eden Russiýanyň basyp alan Ukrainanyň topraklaryndan we Gruziýanyň separatist sebitlerinden berilen täze rus syýahatçylyk resminamalarynyň wiza we Şengen sebitine girmek üçin kabul etmezlik baradaky kararyna goşulandygyny mälim etdi. 

Şweýsariýanyň Federal Geňeşinde kabul edilen karar, ÝB Geňeşine ýetirilip, durmuşa geçirilmäge başlandy. 

Şol kararyň arkasynda Russiýanyň basyp alan Ukrainanyň we Gruziýanyň separatist sebitlerinde täze raýatlyga almak gollanmasynyň başlamagydygy beýan edildi. 

ÝB ony halkara hukuk bilen ýurtlaryň ikisiniň hem territorial bütewiliginiň, özygtyýarlylygynyň we garaşsyzlygynyň düzgün bozmasy hökmünde garaýar. 

Şweýsariýa sentýabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa bilen wiza ýeňilligi ylalaşygyny ýatyrmak baradaky kararyna hem goşulypdy. 



Degişli Habarlar