Peruda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

11-nji dekabrdan bäri ýogalanlaryň sany 48, ýaralananlaryň sany 700 adamdan geçdi.

1932102
Peruda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Peruda Prezident Dina Boluarteniň wezipesinden çekilmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýän protestçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 48 adama ýetdi.

Kusko şäherinde geçirlen ýörişde ýüzlerçe adamyň howpsyzlyk güýçleri bilen çaknyşmagy sebäpli 1 adam ýogaldy, 22 adam ýaralandy.

Peruda hökümete garşy geçirilýän ýörişlerde 11-nji dekabrdan bäri ýogalanlaryň sany 48, ýaralananlaryň sany 700 adamdan geçdi.

Perunyň Prezident Dina Boluarte 10-njy ýanwarda ýene-de bir gezek gepleşik çagyryşyny beripdi we protest ýörişleriniň bes edilmegini isläpdi.

Perunyň ozalky prezidenti Pedro Kastillonyň 7-nji dekabrda Kongres tarapyndan wezipesinden boşadylmagy ýurtda protest ýörişleriniň başlamagyna sebäp bolupdy.

 



Degişli Habarlar